Ekologiýa abadançylygy hemmeleriň bähbidine

17 Iýun 2021
1973

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ekologiýa, daşky gurşawy goramak babatda wajyp işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri-de «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Ekerançylyk ýerlerinden gelýän zeý suw akabalarynyň Garaşor çöketligine ýygnanýan ýerinde döredilen emeli kölüň ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini çözmekde, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, balyk hojalygyny ösdürmekde, zeý suwlaryny ulanmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Ol oba hojalyk maksatly täze ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmekde hem giň mümkinçilikleri açýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda hem uly işler amala aşyrylýar. Her ýylda baglaryň millionlarça düýbi ekilýär. «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylýan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.

Merdan HANGELDIÝEW,
welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar