Halkymyzyň baýlygy

14 Iýun 2021
1944

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, biodürlüligini gorap saklamak bütin dünýäde möhüm meseledir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu babatda nusgalyk işler bitirilýär. Arkadag Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky berk arabaglanyşygy kepillendirýär, düzgünleşdirýär. Milli Liderimiz tebigatyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa deňagramlylygyny saklamak, daşky gurşawyň gözelliklerini goramak babatda diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, halkara derejesinde hem nusga alarlyk işleri durmuşa geçirýär. Şonuň esasynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän, ýitip, ýok bolup barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmekde, olary köpeltmekde hem-de gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar.

Mähriban Arkadagymyz ekologiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan möhüm wezipä toplumlaýyn çemeleşmek bilen, bu ugurda ençeme wajyp kanunçylyk namalaryny kabul etdi. Şolaryň biri hem «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanun ýurdumyzyň haýwanat dünýäsini durnukly dolandyrmak, yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek, olary köpeltmek we biodürlüligini gorap saklamak, tebigatymyzyň görki we ýaşaýşyň deňagramlylygyny saklaýan janly-jandarlara çemeleşilmegi bilen baglanyşykly düzgünleri kadalaşdyrýar.

Toýjan MÄMMEDOW.
Beýleki habarlar