Bagtyýarlygyň berk binýady

2 Iýun 2021
2167

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy boýunça dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda bellenilýär. Bu baýramçylyk 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji mejlisinde döredildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu baýram Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär.

Geçen ýyllaryň içinde Türkmenistan ekosyýasaty dünýä nusgalyk derejede ýöredip, bu ugurda möhüm halkara başlangyçlarydyr teklipleri bilen çykyş edip gelýär. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary köpeltmek we olary ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin netijeli peýdalanmak esasy maksat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýöredilýän ekologiýa syýasatynyň ähmiýetli tarapy bolsa onuň özeninde jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygyň bolmagydyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Ekologiýa abadançylygynyň ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan şertleriň biridigi ykrar edilen ýagdaýdyr. Ýurtbaştutanymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň bütin taryhy onuň mähriban topragy, gözel tebigaty, uç-gyraksyz Garagum çöli, bereketli dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi we onuň ajaýyp kenary bilen baglanyşyklydyr.

Agagül JUMAGULYÝEWA,
Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar