Arkadagyň ak ýoly bilen

30 Aprel 2021
1472

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek ugrunda uly alada edilýär. Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda welaýat prokuraturasynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň hem--de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli kämil şahslar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Ata-babalarymyz ýaş nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyrlar. Şol gymmatly mirasa daýanyp, ýaşlary Watana wepalylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemek, häzirki wagtda baş wezipeleriň hatarynda durýar.

Beýleki habarlar