Gözellikleri goralyň!

30 Aprel 2021
2184

Bagy-bossanlyk — tebigatyň ýaraşygy. Ozal hem bir dana kişi bagy-bossanlygyň goýnunda ýaşaýanlaryň kalplarynyň hem edil gözel tebigat ýaly owadandygyny aýdypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny berkitmek, mähriban Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler giň gerime eýe bolýar.

Mähriban ildeşler! Tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp oturan baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly baglaryň şahalarynyň elektrik geçirijilerine degýän ýerlerini ýangyn howpy döremezligi üçin kesip aýyrmaly. Otluk (baglyk) meýdanda işledilýän tehnikalaryň tüsseçykaryjylary uçgun söndürijiler bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýyň elmydama gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly. Işledilýän tehnikalary ilkinji ýangyn söndüriji enjamlar bolan keçe, pil, palta, çäge, suw bilen üpjün edip, olary başga maksatlar üçin ulanmazdan, abat ýagdaýda saklamaly. Çäklerde çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri taşlap gitmek, guran haşal otlary ýakmak, doly söndürilmedik otluçöpi taşlap gitmek howpludyr. Ot ýakmazlyk baradaky suratly ýatlamalar görnükli edilip goýulmaly. Çäklerde guralýan wagtlaýyn göçme öýlerde elektrik geçirijileriň birikýän ýerlerinde döräp biljek uçgunyň öňüni alýan ýörite örtgiler ulanmaly. Wagon öýleriň içinde emeli usulda ýasalan elektrik enjamlary ulanmak talabalaýyk däldir. Wagtlaýyn oturdylan gaz enjamlaryna birikdirilýän suwuklandyrylan gazly ballonlar wagon öýleriniň daş ýüzünde, demirden gurnalan ýörite gutularyň içinde oturdylmaly.

Nurýagdy MUHANOW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 204-nji ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçiligi boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar