Türkmenistan – Russiýa Federasiýasy: özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk giňeldilýär

15 Aprel 2021
1428

Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlygy baglanyşdyrýar. Bu gün strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini beýan edýärler. Türkmen-rus hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz içine alýar. Medeni-ynsanperwer ulgamy boýunça gatnaşyklaryň berkidilmegine ähmiýet berilýär. Russiýanyň iri sebitler bilen ýola goýlan ykdysady, işewür we medeni gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen, Moskwa şäherinde iş saparynda boldy. Iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň duşuşygynda tassyklanyldy. Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S. Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M. Mişustin bilen duşuşykda Russiýanyň aýry-aýry sebitlerini, iri senagat we medeni merkezlerini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.

Beýleki habarlar