Ekologiýa syýasaty we halkara hyzmatdaşlyk

14 Aprel 2021
1821

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary, özgertmeleri, döwletli tutumlary halkymyzyň durmuş ösüşini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny hem artdyrýar. Bu oňyn görkezijiler parahatçylyk, ösüş we işjeňlik häsiýete eýe bolan daşary syýasatymyz halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp meseleleri çözmek babatynda beýan edýän dünýä ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalary bilen utgaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar