Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Moskwa sapary türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini tassyklaýar

2 Aprel 2021
1591

Bilşimiz ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek iş saparynyň esasy maksady boldy.

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň 30-njy martda geçirilen duşuşygynda tassyklanyldy. Topara Russiýa tarapyndan başlyklyk ediji, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini, şunda döwletara aragatnaşyklaryň netijeli guraly bolan hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar