Bagym bar, barym bar

19 Mart 2021
1945

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda badalga alar. Bu ählihalk çäresiniň esasy maksady ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän ýylynda bu şanly senäniň hormatyna ýurdumyz boýunça 30 million düýp agaç nahalynyň ekilmegi Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň geriminiň näderejede giňdigini bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 2018-nji ýyla çenli ýurdumyzda 20 ýylyň dowamynda 90 million düýp agaç nahalynyň oturdylandygyny nazara alsak, munuň özi, hakykatdan-da, il-ýurt bähbitli, sebit we dünýä ähmiýetli tutumly başlangyçdyr. Çünki bag nahallaryny köpçülikleýin oturtmak arkaly ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine goşant goşmak ählumumy derejede ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ekologiýa abadançylygy bolsa gönüden-göni adamlaryň saglygyny goramak we doly derejeli ýaşaýşy hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek bilen bagly bolup durýar.

Güljehra NURMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar