Keçe güllär ellerim

5 Mart 2021
1489

Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, ýaş nesillerde el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilýän wagyz-ündew çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar ýurdumyzda giň gerim alýar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölümi, welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guran «Keçe güllär ellerim» atly söhbetdeşligimiz hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Türkmen zenanlary elmydama gözelligiň gözleginde. Zenanlaryň on barmagynyň hünäri bolan, öý-ojaklaryň törlerini bezeýän haly, palas önümlerinden başga-da, dürli ululykdaky keçeler hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, keçeler gadymy döwürden bäri halkymyzyň dowam etdirip gelýän arzyly sungatydyr. Keçe güllenilýän wagty aňyrdan gelen adam: «Gülüň owadan» diýip, ýagşy dileg etse, keçe ussatlary «Ýüzüň owadan» diýip, geleni garşy alypdyrlar.

Azatgül HOJABERDIÝEWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory. Surata düşüren Waleriý Kiselýow.
Beýleki habarlar