Pursatlar

4 Mart 2021
1439

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolmak miýesser edipdi. Ol «Şaglap iner bürgütleri» aýdymy bilen adygyp başlapdy. Onuň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Akmämmet bagşy Nurberdi Gulowdyr Wary Aýjanowy halypa tutunyp, öz ýoluny tapypdy. Meşhur bagşy Sahy Jepbar oňa saryýagyz hem gök gözli bolansoň, «Ors bagşy» diýip lakam goýdy.

Men öňki Nebitdag telestudiýasynyň «Edebi-sazly gepleşikler» redaksiýasynda redaktor bolup işlän döwrümde onuň bilen häli-şindi medeni çärelerde hem toýlarda gabatlaşýardyk.

Röwşen TAGAN.
Beýleki habarlar