Milli terbiýe — asylly ýörelge

2 Mart 2021
1663

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe esasy ugurlaryň biri bilimli, päk ahlakly ýaşlary terbiýelemek wezipesidir. Çünki, şahsyýetiň kämilligi päk terbiýeden gözbaş alýar. Ylmy nazaryýetiň, tejribäniň şu günki gazananlarynyň talaplary esasynda gelejegimiz bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemek beýik geljegimiziň, durnukly ösüşini üpjün etmegiň girewidir. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesli ýokary ahlak, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, kanagatlylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň, milli-medeni mirasyň aýratyn orun tutmalydygyna hemişe üns berýär.

Ýaş nesillerimize tebigatymyzyň gözelligini goramagy, oňa aýawly çemeleşmegi öwretmelidiris. Munuň özi çagalarda tebigatyň, sungatyň gözelligini dogry kabul etmek başarnygyny terbiýelemegi aňladýar. Şeýle bolanda, çagalar özleriniň sungata bolan ukyplaryny ýüze çykarýarlar. Estetiki terbiýe umumy terbiýäniň beýleki düzüm bölekleri bilen berk baglanyşykda, sazlaşykda amala aşyrylanda has-da ygtybarly bolýar. Estetiki terbiýe diňe bir gözelligi döretmek, okalan kitaplaryň, tomaşa edilen sahna oýunlarynyň, diňlenilen sazlaryň sanyny köpeltmegi aňlatman, eýsem, ynsany kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Aýna ÖWLÝÄGULYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar