Ýollarymyza şugla saçýan şamçyrag

1 Mart 2021
1534

Hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini özünde jemleýän, gadymyýetden şu günki günlerimize gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzdan, edim-gylymlarymyzdan, türkmen halkyna mahsus ynsanperwer häsiýetlerden söz açýan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby her birimiz üçin gymmatly gollanmadyr, ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr. Pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýol-ýörelgeleriniň parasatlylyga ýugrulan rowaýatlardyr tymsallaryň üsti bilen ýokary çeperçilikde beýan edilmegi bu eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Halkymyzyň döwletlilik hakyndaky düşünjesiniň, garaýşynyň agzybirlik, dostluk, ynsaplylyk, myhmansöýerlik ýaly häsiýetlerde jemlenýändigi kitabyň bölümlerinde aýdyň şöhlelenýär. Ynsanyň mertebesini belentde tutmagyň ähli döwürleriň esasy meselesidigi, iň ýokary gymmatlygyň Zeminiň abadanlygynda, sagdyn durmuşda eşretiň hözirini görüp ýaşamakda jemlenýändigi eserde nygtalýar. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymata daýanylýan häzirki günlerimizde-de adamyň gadyr-gymmatynyň hemişe belentde saklanylmagynyň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýandygyny görkezýär. Kitapda halkymyzyň agzybirlige, myhmansöýerlige, ylma, bilime bolan söýgüsi baradaky parasatly pikirler gyzykly rowaýatlaryň, jümleleriň üsti bilen beýan edilmek bilen, olaryň şu günki nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde eýeleýän orny örän uludyr.

Gözel ERJANOWA,
Balkanabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar