Gadymdan galan nusgalar

28 Fewral 2021
2022

Edil silkme telpek, agar çäkmen, tirme guşak, keteni köýnek ýaly biziň halkymyza mahsus milli gymmatlyklaryň biri hem bökejeň ädikdir. Maglumatlara görä, ýokary hilli gönden tikilýän bu aýakgaplar durmuşa çykýan gyzlaryň sepinde hökman bolaýmaly goşlaryň sanawyna giripdir. Bu aýakgaplar ýurdumyzyň dürli ýerlerinde «böke», «bökeje», «bökejem» kimin dürlüçe atlandyrylýar.

Bökejeň ädik — ýokary hilli gönden tikilen toý aýakgaby. Aýakgabyň burny gelşik üçin yza gaýşardylyp tikilýär. Ökjesine bolsa birnäçe gat gön goýlup, ep-esli beýgeldilýär. Bu ädigiň, köwşüň bökejeň ady şonuň bilen baglanyşykly bolmagam mümkin.

Ejegül ABDYÝEWA,
Ruhubelent etrabyndaky “Älemgoşar” atly çagalar bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar