Suwçynyň mirasyndan

21 Fewral 2021
1397

Ata-babalarymyzdan miras galan ekerançylyk tärleri, suwy tygşytlamak we akar suwuň ýok ýerlerinde hasyl almak babatdaky usullary häzirki wagtda giňden ulanylýar. Şolaryň birnäçesi hakda durup geçmek diýseň täsirlidir.

Üzümi oturtmak. Ownuk şahly mallaryň öri meýdanlarynda ýazlaga çykylýan ýerindäki süýji suwly guýylaryň golaýynda ýer saýlanyp alynýar. Munuň üçin üzüm agajy gyrkylanda onuň şahasynyň iň uzyny gyrkylman goýulýar. Soňra üzüm oturdylýan güýz-gyş möwsüminde üzüm agajyny uzyn şahasy bilen köwkenip alynýar. Daşyndaky gabygy gowy arassalanýar. Oturtmak üçin üzümiň töňňesi bilen ýörite goýlan şahasy uza boýny ölçenilýär. Boýuna görä çuň çukur gazylýar. Ýerasty suwlaryň derejesinden 50 santimetr ýokarda bolar ýaly edilip gömülýär. Gömülende üzümiň töňňe bölegine köpräk ders berlip, suwarylýar, galan bölegine toprak bilen ders garylyp gömülýär.

Muhammetmyrat HOJAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar