Hala baglanan ykbal (Halypa hormaty)

19 Fewral 2021
1842

Ony ýöne halyçy diýip atlandyrsaň, has bärden gaýdýan ýaly bolup dur. Sebäbi ol diňe bir haly-palas dokamagyň ussady däl. Bu zenana berlen tebigy zehin köp ugurlary öz içine alýar. Ol haly gölleriniň täzeden-täze nusgalaryny döretmegem, olary ak kagyzyň ýüzüne nagyşlap, surat çekmegem, haly önümlerine döwrebap şekil bermegem, keşde çekip, gaýma gaýamagy-da başarýar. Diýmek ol, halyçy hem suratkeş, dizaýner hem modelýer, keşdeçi hem gaýmaçy. On barmagynyň hünäri bilen gaýtalanmajak ajaýyp eserleri, dünýäde deňsiz-taýsyz gözellikleri döredýän Annabibi mugallymdan öwrenere zat gaty kän.

Okyjylar, gürrüňiň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Annabibi Islamowa barada barýandygyny aňan bolsalar gerek. «Zenan kalby» žurnalynyň sahypalaryny özüniň döredýän ajaýyp haly önümleriniň keşbi bilen bezeýän bu zenany diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň çäginde hem tanamaýan az-azdyr. Kagyz hem-de elektron görnüşde ýüz müňden gowrak tiraž bilen tutuş ýurdumyza ýaýraýan neşiriň üsti bilen okyjylar bu çeper elli zenanyň işlerini synlamaga mümkinçilik tapýarlar. Žurnalyň sahypasyndan görüp, ol we beýleki haly we haly önümleriniň dokalyşy, gölleri hem-de dizaýny barada güneşli Diýarymyzyň dürli künjeginden bolan gyz-gelinleriň redaksiýa sowallar bilen ýüzlenmegi, ussat halypanyň şägirtleriniň köpelýänliginden, ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň çygrynyň giňäp, barha ýaýraýandygyndan nyşan.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar