Türkmen öýüniň bezegi

4 Fewral 2021
2236

Türkmeniň şöhratly taryhynyň dowamynda sünnälenip, şu günki bagtyýarlyk döwrümize gelip ýeten, dünýäde tanalýan milli mirasymyzyň bir görnüşi-de ajaýyp türkmen halylarydyr. Türkmen halysy nepisligiň, gözelligiň baýdagydyr. Ol halkymyzyň dünýä medeniýetiniň gymmatlyklaryna goşan naýbaşy mirasy we gaýtalanmajak sungatydyr. Asyrlaryň dowamynda alymlar, jahankeşdeler tarapyndan nepisligi taryplanan, reňk, nagyş, çitim kämilligi bilen dünýäniň mirasşynaslaryny, sungaty öwrenijilerini haýran galdyran halylar ene-mamalarymyzyň zehininden dörän täsin sungatdyr.

Türkmenlerde «düşeklik halylar» bilen birlikde ak öýde ulanmak we öýi bezemek maksady bilen haly önümleriniň birnäçesi dokalypdyr. Olaryň görnüşlerine görä atlary hem şondan gelip çykýar. Meselem, «eňsi», «gapylyk», «çuwal», «ikselik», «ukujy», «sallaw ýüpi», «torbalar», «horjunlar», «ojakbaşy» ýaly haly önümleri degişlidir.

Gülşirin ORAZNOBATOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy barlag bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar