Geljekki bol hasyly ýetişdirmegiň ýollary

4 Fewral 2021
1531

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini öndürmäge uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň ýokarlanmagy, oba ilatynyň topraga bolan yhlasynyň artmagy, ýylyň ähli paslynda bazarlarymyzda azyk önümleriniň bol we elýeterli bolmagy bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň iş ýüzünde amala aşýandygyny subut edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini gowulandyrmak, ekin dolanyşygyny ylmy esasda ýola goýmak, gowaça ekininden ýokary hilli bol hasyl almak üçin geçirilýän agrotehniki çäreleriň has kämil usullaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.

Gowaçany ösdürip ýetişdirmekde geçirilýän agrotehniki çäreleriň içinde tekizleýiş işleri wajyp bolup durýar. Ekin meýdanlarynyň gowy tekizlenmegi gowaçadan ýokary hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridir. Gowaça ekiljek ýerleri oňat tekizlenende ýuwuş, tagt we ösüş suwlarynyň talabalaýyk tutulmagyny, topragyň gowy bejerilmegini, gowaçadan endigan gögeriş alynmagyny üpjün edýär. Sebäbi, meýdanyň beýikli-pesli bolmagy belli bir ýerlerde duzlaryň toplanmagyna şert döredýär. Pes ýerleri suw basmagy bilen gögeriş ýaramaz bolýar.

Çarygeldi BABANYÝAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar