Ýylyň mugallymy

4 Fewral 2021
1444

Ähli ýerde bolşy ýaly mekdep mugallymlarynyň arasynda guralýan «Ýylyň mugallymy —2021» atly bäsleşigiň Sarahs etrap tapgyry hem guramaçylykly geçirildi. Bäsleşik etrapdaky 18-nji orta mekdepde bolup, ony etrap bilim bölümi gurady. Oňa mekdepara geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan mugallymlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan mekdep mugallymlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamyna girizilen özgertmelerden ugur alyp, interaktiw tagtasynyň üsti bilen dürli görkezme esbaplardan peýdalanyp, özleriniň hünäri boýunça kämilligini, bilim-terbiýe bermekde okuw-terbiýeçilik, usuly-gözegçilik işleriniň hiliniň ýokarydygyny, hukuk kämilliklerini, syýasy işjeňlik, ahlak sypatlaryny, medeniýetlilik derejesini aýan etmek arkaly ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bilim işgärleriniň bäsleşigiň şertleri boýunça ýerine ýetiren çykyşlary olaryň iş tejribelerini açyp görkezdi.

Etrapdaky 18-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Meýlis Akmyradow bäsleşigiň etrap tapgyrynda baş baýraga mynasyp bolup, ol welaýat derejesinde geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlaryna 11-nji, 10-njy, 17-nji, 3-nji orta mekdepleriň mugallymlary degişlilikde Mähri Annamyradowa, Gunça Allaberdiýewa, Atamyrat Annaýew, Merjen Gaýypowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşigiň etrap tapgyrynda ýeňiji bolanlara etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň sowgatlarydyr hormat hatlary gowşuryldy.

Azat ÖWEZGURDOW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar