Şirin owazly aýdymçy

3 Fewral 2021
1836

«Akja kepderi
Oýna erkana.
Päk asmanymda
Ýaýna erkana»
diýen setirler bilen başlanýan bu aýdym hemmämiziň ýadymyzda bolsa gerek. Heniz çagalar bagyna gatnaýarkak, bu şadyýan aýdymy aýdym-saz mugallymymyzyň öwretmeginde ýerine ýetirip, ata-enemiziň öwgüli sözlerini eşidýärdik. Körpeler bilen söhbetdeş b olanymyzda, çagalygyň şeýle ýakymly ýatlamalaryna az wagtlyk bolsa-da, gaýybana syýahata gidýäris. Madina hem ilkinji gezek çagalar bagynda «Akja kepderini» aýdyp, körpeleriň arasynda geçirilýän şadyýan bäsleşikde deň-duşlaryndan saýlanmagy başarýar. Gürrüňini etjek bolýan gyzymyz Madina Saidowa häzir Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýar. Biz onuň bilen redaksiýamyzda söhbetdeş bolduk. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly Madina üçin begençli habar bilen başlandy. Ol özi ýaly deň-duşlary bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglanyldy.

Hawa, Madina körpeliginden aýdym-saza höwesekdi. Onda sungata daýysy Bahtyýar Saidow höwes döretdi. Madina daýysynyň aýdýan aýdymlaryny höwes bilen diňlärdi. Ol çagalar bagyna baranynda aýdym-saz mugallymy Myrat Karaýewden sungatyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar