Asylly käriň dowamaty

2 Fewral 2021
1358

Kärdeşimiz, halypa Nabat mugallymyň zähmet ýoluna başlanyna ýarym asyr wagt geçipdir. Biz — mugallymlar ony bu sene bilen gutlap, ýagşy arzuwlary aýtdyk. Her kim öz ýadynda galan, özüne ýakyn bolan ýatlamalary bilen söze başlaýar. Men ýedi onlugy arka atan, henizem gujurly zenanyň keşbine syn edip, ol barada bilýän zatlarymy aňymda aýlap otyryn. Ol 22 ýaşyndaka şu mekdepde işe başlanda, 50 ýyl işlän Allaguly mugallyma geň galyjylyk bilen bakypdy. Bu günki gün bolsa özüniň bu kärde 50 ýyl işländigine haýran galýardy. Onuň mekdepde we obada ýörgünli ady Nabat mugallym, mugallymçylygynyň daşyndan eden, edýän işleri sanardan kän. Maldar, daýhan, keşdeçi, gaýmaçy, örümçi, ene, başarjaň hojalykçy. Onuň elinden köp hünär gelýär. Ol häzirem sygyr sagmagy, çörek bişirmegi kyn iş hasap edenok, mahlasy, on barmagynyň hersinden on hünär dökülýän diýilýänlerden.

Belki, onuň şol ruhubelentligi, şadyýanlygy juwan görkezýändir. Oňa daşyndan syn eden, ýedi onlugy arka atandyr öýtmez. Ol gelinleriniň, gyzlarynyň maslahatçysy.

Gurbantäç AGAHANOWA,
Gökdepe etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar