Yhlasly zähmete ruhlandyryş

1 Fewral 2021
1498

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetinde üstümizdäki ýylda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa partiýanyň etrap we şäher komitetleriniň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, öňdebaryjy kärendeçiler bilen birlikde Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar.

Maslahatda milli Liderimiziň başlangyjy bilen welaýatymyzda durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine we obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän maksatnamalaryň, wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi. Hasabatlarda ýurdumyzda oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýelerini tapmak, daýhanlar üçin amatly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine giňişleýin seljerme berildi. Partiýanyň agzalary ýyl-ýyldan gerimi giňeldilýän bu işleriň oba hojalyk toplumyny ylmy esasda düýpli özgertmäge giň şertleri döredýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Olar hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wajyp wezipelerinden we tabşyryklaryndan ugur alnyp oba hojalyk işgärlerini we daýhanlary höweslendirmek, olaryň çekýän zähmetiniň netijeliligini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ilatyň eşretli, bolelin ýaşaýşyny we azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orna eýedigini nygtadylar.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar