Soýanyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy

24 Ýanwar 2021
1854

Geçen hepdäniň şenbe güni uniwersitetimizde soýa ösümligini ýurdumyzyň şertlerinde ösdürip ýetişdirmek barada alymlaryň, uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň hem-de oba hojalyk ugrundan işleýän telekeçi önüm öndürijileriň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurt önümleriniň ýerini tutýan önümleriň sanyny we görnüşini artdyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşi gazanmakdan, oba hojalygy bilen telekeçiligi has-da utgaşdyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Soýa ykdysady taýdan peýdaly ekin bolup, biziň gurak howa şertlerimizde onuň her gektaryndan ortaça 3,5 – 4,0 tonna däne öndürip bolýar. Soýanyň aralyk ekin hökmünde ekilip, tejribe geçirilmegi netijesinde topragyň gurplulyk derejesini ýokarlandyrýan iýmit maddalary bilen baýlaşmagyna oňyn täsir edýändigi hem-de onuň yzyna ekilen bugdaýyň her gektaryndan ortaça 2 – 3 sentner bugdaý hasylyny artyk alyp bolýandygy anyklanyldy.

Begli BURINOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar