27-nji ýanwar Watan goragçylarynyň günüdir!

22 Ýanwar 2021
1657

Serhetden başlanýar bu eziz Watan

Öz ussatlygy bilen dünýäni tutan bir tütjar baý täjir bolupdyr. Ol soňabaka dünýäni gezip, nirede gowy zat bolsa alyp, öýüni bezäp başlapdyr. Bir gezek bolsa ol ýurtlaryň birini aýlanyp ýörkä her dürli owadan, şirinden-şirin owaz edýän bilbili satyn alyp öýüne getiripdir. Ol mahmal owazly bilbile gelşiklije gözenekli öý ýasap, iým, suw berip öýüň oňaýly ýerinde goýupdyr. Aradan näçe wagt geçse-de, bilbil hiç hili saýramandyr. Gaýta, bir tüýsli zaryn owaz edipdir. Täjir munuň sebäbini bilmän, bir danany öýüne çagyryp, bilbil bilen gürleşmegini haýyş edýär. Bilbiliň bolşundan onuň öz Watanyny küýseýändigini, oňa şondan eziz zat ýokdugyny aňan dana bu zatlary täjire gürrüň berýär. Täjir bolsa, dana bilen dessine ýola düşüp bilbili alan ýerine äkidýär. Öz Watanynyň howasyndan dem alan bilbil täjire hoşallyk bildirip, şirin owazy bilen bagtyýar saýrapdyr...

Beýleki habarlar