Ýürege ýakyn aýdymlar Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

21 Ýanwar 2021
2100

Nurberdi Gulow: «Aýdym aýdanyňda kämil derejede aýtgyn, goý, senden soň şol aýdymy hiç kim seniňki ýaly edip aýdyp bilmesin» diýerdi.

Aýdymçynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ýüreklerde orun almagyna, adynyň döwürler aşmagyna sebäp bolýan zat onuň başgalaryňka meňzemeýän özboluşly owazy. Şol owazy hem akyldar şahyryň: «Taraşlap şaglatgyn, köňle geleniň...» diýşi ýaly, kalbyňda sünnäläp, irginsiz yhlas siňdirip, halka ýetirmek gerek. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň ussatlyk mekdebini geçen halypa aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow joşgunly aýdymlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanyp gelýär. Ýakynda onuň bilen aýdym-saz sungatyna gelşi, ýerine ýetirýän aýdymlary dogrusynda söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar