Taryh dersini okatmagyň usulyýeti

21 Ýanwar 2021
1940

Taryh dersi geçilende kitapdaky maglumatlar bilen birlikde, kartalardan, internet maglumatlaryndan, gazet-žurnallardan hem peýdalanmak mümkin. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, bu ders boýunça taryhy ýadygärliklere, muzeýlere gezelençleri-syýahatlary guramak esasynda berilýän temalar hem bolýar. Taryh dersiniň okuw meýilnamalaryna ülkäni öwreniş sapaklarynyň girizilmegi okuwçylarda gözleri bilen görmek we tanyşmak höwesini döredýär. Ýokary synplarda ýurdumyzyň mirashanalaryna, ýadygärliklerine degişli temalar boýunça sapaklary talabalaýyk geçirmek möhümdir. Sapak boýunça gezelenji iki görnüşde guramak bolar:

1. Ýadygärliklere we mirashanalara gezelenç;
2. Gaýybana gezelenç.

Kerimnazar BABAÝEW,
Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar