Salgyt ulgamyndaky täze ýeňillikler

21 Ýanwar 2021
1628

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi döwletiň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, durmuş ulgamyny ösdürmäge ýardam edýär. Garaşsyz döwletimizde döwrüň talaplaryna we dünýä ösüşiniň ýörelgelerine esaslanylyp, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösüşini dowam edýär. Milli Liderimiz tarapyndan ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, köpugurly esasda ösdürmäge, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda hereket edýän «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna hem birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini berkitmäge täsir edýän gural bolup çykyş edýär.

Goşa BEGJANOW,
welaýat salgyt bölüminiň düşündiriş işleri boýunça baş hünärmeni.
Beýleki habarlar