Anyk wezipeler kezgitlenildi

20 Ýanwar 2021
1598

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi TDP-niň welaýat komitetleri bilen sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahat geçirdi. Oňa TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri, etrapdyr şäher komitetleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Maslahatda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda göz öňünde tutulan çäreler, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaralara beslemek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek we oňa TDP-niň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça giňişleýin gürrüň edildi. Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda beren maslahatlarynyň ýol görkeziji bolup durýandygy aýdylyp, olara hötde gelmek üçin her bir partiýa guramasynyň we partiýa agzasynyň işi täzeçe gurap, has döredijilikli, işjeň zähmet çekmelidigi nygtaldy. Şol maslahatda döwlet Baştutanymyzyň wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmek, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.

Aşyrberdi GURBANOW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar