Işjeňlige eýe bolýar

19 Ýanwar 2021
1612

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň düzümine girýän ilkinji guramalarda hasabat-saýlaw ýygnaklary giň gerime eýe bolýar. Ilkinji guramalaryň 82-sinde geçirilmegi meýilleşdirilen ýygnaklaryň gün tertibine ilkinji guramalarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmekde alnyp barylýan işler, şeýle-de geçen hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler boýunça meseleler girizildi.

Häzirki güne çenli ilkinji guramalaryň 14-sinde şeýle ýygnaklar geçirildi. Ýygnaklarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini gazanmak babatdaky tagallalaryň üstünde hem durlup geçildi, şeýle-de bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wepa ÝAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar