Süýji buýanyň peýdasy

19 Ýanwar 2021
2231

Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, saglygy dikeltmekde eziz Diýarymyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň peýdasy uludyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby we «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaby gymmatly ylmy çeşmelerdir. Kitaplarda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk çaýlar ynsan saglygy üçin peýdalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow buýan köküniň adamyň saglygyna edýän netijeli täsiri dogrusynda aýratyn nygtaýar. Il arasynda “süýji buýan” ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär. Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir, ol immun durnuklylygyny berkidýär.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy Saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar