Durmuş ähmiýetli ykdysady ösüşler

17 Ýanwar 2021
2275

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji ýanwarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda şanly baýramçylyga gabatlanyp, Ahal welaýatynda ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň barşy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiziň sebitleýin syýasaty welaýatlar üçin deň ösüş şertlerini döredýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ilat üçin ýokary hilli durmuş derejesini üpjün etmegi nazarlaýan bu sebit syýasatynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýulýar. Sebitleriň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösdürilmegi babatynda uzak möhletleýin taslamalar, täze özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ykdysady syýasatyň täze ugry ykdysady taýdan maksadalaýykdygy we uzak möhletleýin bähbitler nukdaýnazaryndan ähli ykdysady hem-de dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, ykdysady kuwwaty artdyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmegi göz öňünde tutýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem möhümdir. Senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur diňe ykdysady däl-de, eýsem, durmuş ähmiýetli bolup durýar. Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň esasy bölegini öz kärhanalarymyzda öndürmek meselesi baş wezipeleriň biri bolup durýar. Ykdysady ösüşi, doly we öndürijilikli iş üpjünçiligi we ähli adamlar üçin mynasyp iş orunlaryny döretmeklige ýardam etmek ugry Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen baglanyşykly bolup durýar.

Bahar JEPBAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar