Ykdysady binýat berkidilýär

14 Ýanwar 2021
1877

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermek hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny netijeli guramak üçin senagat-innowasion binýady berkitmek maksady bilen anyk işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde ata Watanymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, eziz Diýarymyzyň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny gurmaga gönükdirilen anyk çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnamada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny düýpli özgertmek, sanly ulgamy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, eýeçilik gatnaşyklaryny üýtgetmek we eýeçiligiň görnüşleriniň köpdürlüligini emele getirmek boýunça işler kesgitlenildi. Çäreleriň meýilnamasynda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek babatynda kanunçylyk namalaryna gaýtadan seretmek hem-de täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek, halkara tejribelere laýyklykda, gazna biržalarynyň işini guramagy kämilleşdirmek we işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Esmira AGAMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar