Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň bagtyýar ertirlerine gapy

12 Ýanwar 2021
1895

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 16-njy dekabrynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklaryny berdi. Ol tabşyryklar bada-bat Birleşigiň işgärleriniň-de, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň döredijilik toparynyň-da 2021-nji ýyl üçin esasy üns bermeli ugurlarynyň çelgisine öwrüldi. Daşary ýurtly türkmenler bilen onlaýn arkaly söhbetdeşlikleri guramak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň olaryň durmuşynda döreden oňyn öwrülişikleri, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň adynyň manysy we ähmiýeti hakda okyjylarymyza gürrüň bermek, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzda amala aşyrylan we aşyrylýan köpugurly işler bilen dünýä türkmenlerini yzygiderli tanyşdyryp durmak esasy wezipämiz hökmünde öňe çykdy.

Şu nukdaýnazardan, DTYB-yň daşary ýurt bölümi bolan owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň ýolbaşçysy Abdyrahman AHMET ogly bilen sanly ulgam arkaly söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Söhbetdeş bolan Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar