Belent sepgitlere ruhlanyp

12 Ýanwar 2021
2184

Häzirki wagtda oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýesini tapmak, pudaga hususy eýeçiligi giňden çekmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, daýhanlaryň netijeli zähmeti üçin amatly şertler üpjün edildi. Bu ugurda alnyp barylýan işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz beýanyny tapýar. Amala aşyrylýan işleriň netejesinde, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli durmuşyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hususy ulgamyň wekilleri-de saldamly goşant goşýarlar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny ýokarlandyrmakda, telekeçilige ýardam bermekde uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli oba hojalygynyň iri kärhanalary, tutuş senagat zolaklary, döwrebap ýyladyşhana toplumlary, önümçiligiň we gaýtadan işlemegiň bitewi ulgamyny öz içine alýan guş toplumlary, maldarçylyk we balykçylyk hojalyklary, miweli baglar döredildi.

Güýçmyrat BERDINIÝAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar