Alyn der — altyn zer

12 Ýanwar 2021
2316

«Dürden gymmat deri bilen dünýäni daýhan ekleýär». Söz ussadynyň şu setirleriniň döremegine ene ýere bagry badaşan, halal zähmeti bilen başgalara görelde bolmagy başarýan babadaýhanyň sebäp bolandygy öz-özünden düşnükli. Dogrudanam datly nygmatlar desterhan-saçaga ýetýänçä toprak goýnuna daýhanyň alyn deri, azap-yhlasy siňmeli. Şeýle işleri amal edip, bütin düýrmegi-durky bilen topraga hyzmat edýän daýhana duşsaň, şahyryň ýokarky setirleri biygtyýar ýada düşýär.

Halallygy hemra edinip, päk zähmetden bagtyny tapan, ene topraga ykbalyny baglan daýhanlarymyzyň bitirýän işleri kämil goşgy-gazallara, aýdym-mukamlara mynasyp. Ene ýer gözbaşy egsilmeýän bereket arygy. Şol çeşmäniň mydama dolup-daşyp, desterhan-saçaklara rysgal-berekediň akyp durmagy daýhan zähmetine baglydyr. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde ýaşaýan, zähmet çekýän daýhanlaryň gazanýan zähmet üstünliklerini eşideniňde buýsanjyň artýar.

Begenç BAÝNEPESOW.
Beýleki habarlar