Garaşsyzlyk mukamy

11 Ýanwar 2021
2119

Eziz halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýyly durmuşyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeler bilen tamamlap, 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ýokary ruhubelentlikde gadam basdy. Şeýle hem bütin adamzat üçin düýpli synaga öwrülen 2020-nji ýylda döwletimiz ählumumy howplara garşy durmakda uly tejribe toplap, dünýäniň beýleki ýurtlaryna görelde bolmagyň nusgasyny görkezdi.

Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny täze görnüşde — göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikler, duşuşyklar we beýleki çäreler arkaly dowam etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, şeýle hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklary has-da ösdürýändigini äşgär edýär.

Olga SEÝIDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar