Möhüm pudakdaky belent sepgitler

11 Ýanwar 2021
1950

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde belleýşi ýaly, ýurdumyzda häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gurluşyklar durmuşa geçirilýän taslamalaryň örän giň gerimlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ajaýyp binalar gurulýar, iri ýaşaýyş toplumlary döredilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan tizlikli awtomobildir polat ýollary gurlup, halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary emele getirilýär. Gurulýan şol desgalarydyr ýollary gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar