Täze döwrebap gümrük nokady – täze mümkinçilikler

8 Dekabr 2024
99

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, harby gullukçylar üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda hem hormatly Prezidentimiziň karary esasynda Türkmen-özbek serhedinde ýerleşýän Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalary we durky düýpli täzelenen desgalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Binanyň gurluşyk işleri «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli kararyna laýyklykda, «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda umumy meýdany 456 inedördül metr bolan täze dolandyryş binasy, umumy meýdany 486 inedördül metr bolan ulag serişdeleriniň we harytlaryň resmileşdirmesi amala aşyrylýan täze binalaryň ikisi, umumy meýdany 966 inedördül metr bolan awtoulaglara gümrük barlagy geçirilýän gözegçilik bassyrmalaryň ikisi, gulluk itleriniň saklanylýan ýeri, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndaky derwezeleriň ikisi we ýene-de birnäçe durmuş we tehniki maksatly desgalar guruldy. Öňden bar bolan birnäçe desgalaryň bolsa durky düýpli täzelenip, gümrük nokadynyň umumy meýdany 5,2 gektardan 10 gektara çenli giňeldildi.

Mežnun ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar