Şöhratly geçmiş – milli buýsanç

10 Dekabr 2024
165

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen üstünlikli tamamlanyp barýan ýylymyz özüniň guwandyryjy wakalary bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» atly beýik döwrümiziň taryhyny barha baýlaşdyrýar. Şeýle wakalaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly nobatdaky kitabynyň okyjylar köpçüligine gowuşmagydyr. Bu waka ähli watandaşlarymyzy juda begendirdi we buýsandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby ylmy-populýar žanrda ýazylyp, özünde örän gymmatly maglumatlary jemleýär. Bu kitapda alym Arkadagymyz türkmen halkynyň şanly taryhy hem-de örän baý milli-medeni mirasy barada ylmy garaýyşlaryny beýan edýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýip, uly buýsanç bilen belleýär.

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory, pedagogika ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar