Bitaraplyk — parahatçylyk binýady

3 Dekabr 2024
273

Eziz Watanymyzyň BMG-niň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedir. Bu gün ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri sebit hem-de ählumumy derejede halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny goldamaga gönükdirilen howpsuzlyk taglymyny öňe sürmek arkaly işjeň bitarap syýasatyny durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygy we onuň taryhy kökleri, häzirki döwri hem-de geljegi umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen berk baglanyşyklydyr, çünki hemişelik bitaraplyk derejesiniň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary durup, olarda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilýär we goldanylýar. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Merdan GURBANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar