Taryha baky siňen hytaý şahyry

4 Noýabr 2024
404

Tan dinastiýasy döwründe ýaşap geçen Du Fu (712 — 770 ý.) Hytaýyň iň meşhur şahyrlarynyň biridir. Ol şahyr Du Şanýanyň agtygydyr. Onuň miras goýan şygyrlarynyň sany 1400-den geçip, dürli tema degişlidir. Hatda hytaý edebiýatçylary häli-häzir hem onuň goşgularynyň golýazmasyny öwrenip ýörler.

Aslynda, şahyr entek çaga mahaly aýratyn zehini, ýatkeşligi bilen öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başarypdyr. Ol kitap okamagy juda halaýan eken. Eýýäm ýedi ýaşynda goşgy ýazyp başlapdyr. On bäş ýaşyna ýetende bolsa halk arasynda tanalyp ugrapdyr. Ol ýaş wagty Hytaýyň köp ýerine syýahat edipdir. Bu hem onuň tebigat bilen bagly gören-eşidenlerini beýan etmegine, ol temanyň döredijiliginde has ösmegine ýardam edipdir. Hatda Du Fu öz döwründe köşk şahyry hem bolupdyr. Bu onuň ylym-bilimden sowady ýetik adam bolandygyny görkezýär.

Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar