Asudalygyň goragçylarynyň hemrasy

28 Oktýabr 2024
319

Halkymyzyň döreden «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar, bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagy pederlerimiziň alabaý itlerini saklamagy we ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär.

Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijesinde, alabaý itleriniň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, itiň mazarlarynyň tapylmagy gadymy türkmen alabaýlarynyň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigini aňladýar. Altyndepeden, Daňdanakandan tapylan alabaýyň toýundan, faýansdan ýasalan heýkeljikleriniň döredilen senesi bolsa biziň eýýamymyzdan ozalky döwre degişli bolup durýar. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.

Baky AMANÝAZOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň uly leýtenanty.
Beýleki habarlar