Medeniýetleriň teatryň dilindäki söhbetdeşligi

24 Oktýabr 2024
243

18 — 20-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly ýurdumyzyň Türki medeniýetiň halkara guramasyna girýän döwletler bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň barha ilerledilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Festiwalyň çäginde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň, agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň duşuşyklarynda türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçirildi. Dabara mynasybetli teatryň öňündäki meýdançada halkara festiwala gatnaşýan döredijilik toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de tanyşdyrylyşy, teatryň eýwanynda bolsa kitap we sungat eserleriniň sergisi guraldy.

Beýleki habarlar