Ynsanyň wepaly dosty

24 Oktýabr 2024
326

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan «Ynsanyň wepaly dosty — türkmen alabaýy» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, halypa itşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Sergi türkmen şekillendiriş sungatynda milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň hem-de onuň dürli sungat eserlerini özünde jemleýän baý gora eýediginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Sergide türkmen alabaýynyň keşbi suratlandyrylan şekilli halylara aýratyn orun berilýär. Milli gymmatlyklarymyzyň şekili sünnälenip çitilen nepis halylarymyz serginiň bezegini has hem artdyrýar. Şeýle hem bu ýerde muzeýiň gaznasynda saklanýan, arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan toýundan ýasalan it heýkeljikleri ýerleşdirilipdir. Gäwürgaladan biziň eýýamymyzyň II — IV asyrlaryna we Goňurdepeden biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklara degişli tapylan it heýkeljikleri ünsüňi has-da özüne çekýär.

Ogulmaral ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni. Surata düşüren Ahmet ÖWEZMUHAMMEDOW.
Beýleki habarlar