Wysal bolan arzuwym

23 Oktýabr 2024
350

Heniz okuwçy wagtlarym «Watanyň serhetçi gyzy» diýen belent ada mynasyp bolmagy we gelşikli harby lybasy egnime geýip, onuň gullugynda durmagy hyýalymda janlandyrýardym. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli geçirilýän harby ýörişe teleýaýlymyň üsti bilen zenan harby gullukçylaryň dabaraly harby ýörişden geçişlerini görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Dabaraly harby ýörişde zenan harby gullukçylaryň nyzamly ýöriş bilen ädimläp geçýän pursatlary meniň ýaş ýüregimi heýjana salyp, kalbymy joşdurýardy. Belki-de, şol täsin pursatlar Watanyň serhetçi gyzy bolmagyma sebäp bolandyr.

«Türkmenistan — arzuwlaryň amala aşýan ýurdy» diýlip aýdylyşy ýaly, maňa hem Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby bolmak bagty miýesser etdi we egnime harby lybasy geýip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyp, iň arzyly arzuwymy amala aşyrdym. Meniň, ýurdumyzda uludan toýlanan Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli geçirilen harby ýörişe zenan harby gullukçylaryň şahsy düzümi bilen birlikde gatnaşandygyma buýsanjymyň çägi ýok. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň zenan harby gullukçylaryndan düzülen batalýonyň şahsy düzümi bilen bir hatarda, men hem, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň biz — ýaşlar üçin edýän aladalaryna jogap edip, geljekde-de ýurdumyzy gülledip ösdürmäge goşant goşjakdygyma buýsanç bilen söz berýärin.

Bägül ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.
Beýleki habarlar