«Watana söýgiňiz — belent bagtyňyz»

26 Sentýabr 2024
433

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamly dünýäsinden syzylyp çykan bu setir okyjylara tanyşdyr. Şahyr ýürekli Milli Liderimiz içinde şu setir hem bolan täze şygryny şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Jemal Saparowa bagyşlapdy. Öňňin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bolsa türkmen aýdym-saz sungatynyň görnükli wekiline ýurdumyzyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy.

Türkmeniň zenan bagşysyny ýyllaryň dowamynda Türkiýe, Italiýa, Özbegistan, Belarus Respublikasy, Ispaniýa, Malta, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Belgiýa, ABŞ, Şwesiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Hytaý, Nepal, Hindistan, Pakistan... diňledi. Jemal Saparowa haýsy ýurtda çykyş etse-de, belent owazly sesi we milliligimizi jandan söýşi bilen, diňe bir sungatymyzyň däl, halkymyzyň milli mirasynyň hem ýüzüne öwrüldi. Ussat her bir çykyşynda agramy birnäçe kilograma ýetýän şaý-seplere çümen milli lybaslara beslenip sahna çykmagy kyn görmedi, gaýtam muny mertebe bildi. Şeýdibem, türkmen zenany diýlende, dürli ýurtlaryň halklarynyň aňynda ilkinjileriň hatarynda Jemal Saparowa janlanar derejede hyzmat bitirdi.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar