«Bi­lim­li» nout­buk­la­ry Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zdan sow­ga­t

29 Awgust 2024
411

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň 23-nji mar­tyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­ne öz ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len de­giş­li muk­dar­da­ky nout­buk komp­ýu­ter­le­ri­ni sa­tyn al­mak, 1-nji aw­gus­ta çen­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da gur­na­mak hem-de ola­ra teh­ni­ki taý­dan hyz­mat et­mek ba­ra­da «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­sy, şeý­le-de «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di. Şon­dan bä­ri ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da bu ugur­da dep­gin­li iş­ler al­nyp bar­lyp, de­giş­li we­zi­pe­ler do­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň bi­le­lik­dä­ki «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň ag­zy­bir iş­çi-hü­när­men­le­ri öň­de goý­lan we­zi­pä­ni ab­raý bi­len ber­jaý et­mek üçin ba­da-bat tu­tum­ly iş­le­re gi­riş­di­ler. Olar bag­la­şy­lan şert­na­ma bo­ýun­ça önüm­çi­lik iş­le­ri­ni eý­ýäm tom­suň or­ta­ky aýyn­da ta­mam­lap, şu ýyl 1-nji syn­pa oku­wa bar­ýan ça­ga­la­ra Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň adyn­dan sow­gat be­ril­jek 155 müň 641 sa­ny «Bi­lim­li» ha­ryt ny­şan­ly nout­buk komp­ýu­ter­le­ri­niň ýa­ry­sy­ny — 77 müň 821-si­ni taý­ýar­la­dy­lar. Bi­rin­ji syn­pa oku­wa git­jek ça­ga­la­ra be­ril­ýän nout­buk­la­ryň ga­lan ýar­sy­ny bol­sa «Ag­zy­bir­lik til­si­ma­ty» bi­le­lik­dä­ki kär­ha­nasy taý­ýar­la­dy.

Beýleki habarlar