Arkadagly nesiller 1-nji synpa barýar

29 Awgust 2024
457

Bu täze okuw möwsüminde hem ak mekdebiň goýnuna dolup, «ilkinji jaňyň» sesini ilkinji gezek eşitjek çagalaryň sany müňlerçe. Olar bilimler dünýäsine aýak basyp, mekdep partasynda ilkinji gezek oturjaklar. Täze alan okuw eşiklerini geýip, mekdep diýlen mähriban ojagyň gujagyna doljaklar. Şonuň üçinem çagalar bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki olar täze-täze dostlar, joralar tapynmagyň arzuwynda.

Öň okap ýören okuwçylar bolsa, dynç alyş möwsüminden soň ýene-de eziz mekanyna dolanjaklar, az wagt gözlerinden uçan synpdaşlaryna, ýoldaşlaryna gowuşjaklar. Garasaý, çagajyklarda tolgunma-da, höwesem ýeterlik. Kimsi täze okuw möwsüminde hormatly Prezidentimiziň adyndan aljak kompýuter sowgatlary barada pikirde, kimleri bolsa indi tapynjak tanyşlary barada. Güljan Sopyýewa hem täze okuw möwsüminde Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň birinji synpyna barmaly. Ol maşgaladaky ikinji çaga. Dogany Aýjan hem şol mekdepde okaýar. Ol ikinji synpa gidýär. Jigisi Muhammetemir bolsa üç ýaşynda.

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar