Ösüşleriň ygtybarly binýady

28 Awgust 2024
452

Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Ata-babalarymyz hemişe ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdirler. Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli durmuşa geçirýän işleri netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda hem ajaýyp üstünliklere eýe bolunmagy, ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde amal edilýän beýik işleriň netijeleridir.

Ylym-bilim — her bir döwletiň geljekki ösüşleriniň kepili bolup hyzmat edýär. Ýaş nesil baradaky edilýän alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şatlyk ROZYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, podpolkownik.
Beýleki habarlar