Jemgyýetiň sagdynlygy — döwrüň talaby

21 Awgust 2024
480

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan, halkyň abadan hem bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýän, göwünleri galkyndyrýan ajaýyp wakalara beslenýär. Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmekde, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk ösdürmekde, ýurdumyzda agzybirligiň, asudalygyň höküm sürmegini gazanmakda bitirilýän beýik işler döwlet Baştutanymyza bolan söýgi-buýsanjy has-da artdyrýar.

Ylym-bilimiň döwletimiziň berk binýady bolmagy bilen, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilik berýändigi-de aýdyň hakykatdyr. Döwletimiziň häzirki zaman ösüşini, eşretli ertirini üpjün etmek maksady bilen, ýaşlaryň bilimli, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler geljege bolan ynamymyzy has-da artdyrýar. Çünki şu günki ýaşlar Watanymyzyň geljegidir. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa göterjek ýaşlaryň zähmetsöýer, ilhalar, sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işlere goşandymyzy goşmaga çalyşýarys. Olaryň arasynda dürli çäreleri, bäsleşikleri, sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirýäris. Çünki döwrümiziň ýaşlarynyň ilhalar raýatlar bolup ýetişmekleri diňe bir ene-atanyň ýa-da bilim işgärleriniň borjy däl-de, eýsem, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň hem borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, geljekde hem ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini, şonuň bilen bir hatarda, jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmaga çalşarys.

Arzygül AGAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni, welaýat halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar